Skip to content

Latest commit

 

History

History
157 lines (93 loc) · 22.7 KB

README.tm.md

File metadata and controls

157 lines (93 loc) · 22.7 KB

Open Source Love License: MIT Open Source Helpers

ShqipUzbek languageAzərbaycan diliবাংলাBulgarianPortuguêsCatalà中文 (Simplified)CzechDeutschDanskالعربيةEspañolaFrançaiseGalegoΕλληνικάქართულიMagyarBahasa Indonesiaעִברִיתहिंदी/ગુજરાતી/मराठी/മലയാളം/ಕನ್ನಡ/తెలుగు/छत्तीसगढ़ी/বাংলা/தமிழ்தமிழ்فارسیپښتوItaliano日本語සිංහලKiswahili (Kenya)한국어 한국어Lietuvių kalbaLimba Română Limba Românăမြန်မာМакедонскиEspañol de MéxicoBahasa Melayu / بهاس ملايو‎ / MalayDutchNorskनेपालीWikang FilipinoEnglish (Pirate)اردوPolskiPortuguês (Portugal)Русский языкعربىSvenskaSlovenčinaSlovenščinaภาษาไทยTürkçe中文(Traditional)УкраїнськаTiếng ViệtZulu (South Africa)Afrikaans (South Africa)Igbo (Nigeria)Yoruba (Nigeria)Hausa (Nigeria)LatviaSuomeksiБеларуская моваСрпскиҚазақшаBosanskiBosanskiHrvatskiپښتوSomaliaTurkmen language

Ilkinji goşantlar

Bu proýektiň maksady githuby täze öwrenijilere nädip ilkinji goşantlaryny(contribution) goşup biljeklerini görkezmekdir.

Kyn bolup biler. Täze bir işi ilkinji sapar etmek hemişe kyn bolup biler. Hem-de başka kişiler bilen bilelikde işleşmeli bolsa, ýalňyşlyk etmäne çekinýäň, gorkýaň. Ýöne açyk çeşmäniň(open source) düýbünde başka kişiler bilen bilelikde işleşmek ýatýar. Biz açyk çeşme(open source) proýektlerine ilkinji sapar goşant goşjaklara ýol görkezip, ilkinji goşantlaryny goşmagyny aňsatlaşdyrmak isleýäs.

Blog post okamak ýa-da wideolardan öwrenmek kömek edip biler, ýöne bir zady edip öwrenmegiň ýerini tutup biljek zat ýok, şeýle dälmi? Ilkinji goşandyňy goşmak isleýän bolsaň, aşakdaky görkezilenleri yzarlap bilersiň.

fork this repository

Eger kompýuteriňizde git ýok bolsa, şu ýerden ýükläň.

Şu repositoryny forklaň

Şu sahypanyň ýokarsynda duran fork düwmesine basyp şu repositoryny forklap bilýaňiz. Şunlukda, şu repositorynyň kopiýasy siziň hasabyňyzda bolyar. (Şu proýektiň eýesiniň hasabynda-da, siziň hasabyňyzda-da bolýar)

Şu repositoryny klonlaň(clone)

clone this repository

Indi, forklan repositoryny öz kompýuteriňize klonlaň(clone). Bu diýmek, ýaňy siziň github hasabyňyza kopiýasy gelen(forklan) şu proýekti oz kompyuteriňizde-de bir kopiýasyna eýe bolup bilýäňiz. Github hasabyňyza gidiň, forklan repositoryny açyň, code düwmesine basyň, soňra copy to clipboard nyşanyna basyň.

Terminaly açyp aşakdaky git buýruguny işlediň:

git clone "ýaňy kopiýa eden url-ňyz"

"ýaňy kopiýa eden url-ňyz"(goşa dyrnaksyz) şu repositorynyň url-y (şu proýektiň siziň eden forkuňyz).Url-ny almak üçin ýokarda görkezilenleri yzarlaň.

copy URL to clipboard

Mysal üçin:

git clone https://github.com/ulanyjy-ady/first-contributions.git

ulanyjy-ady diýip duran bölegiň deregine siziň Githubdaky ulanyjy adyňyz. Şu ýerde, Githubdaky first-contributions repositorynyň içindäki ähli zatlary kompýuteriňize kopiýalaýarsyňyz.

Şaha(branch) döretmek

Repositorynyň duran papkasynda däl bolsaňyz, şol ýere gidiň:

cd first-contributions

Indi, git switch buýrugy arkaly täze şaha(branch) dörediň:

git switch -c siziň-täze-şahaňyzyň-ady

Mysal üçin:

git switch -c goş-ahmet-ahmedow

(Şahanyň adynda goş sözüni hökman ýazmasaňyzam bolyar, ýöne bu şahanyň maksady adyňyzy goşant goşanlaryň hasabyna goşmak bolany üçin, goş sözüni ulanmak düşnükli bolar)

Gerekli üýtgeşmeleri edip, ol üýtgeşmeleri bellige almak (commit etmek).

Indi, tekst redaktorynda(m.ü VSCode) Contributors.md faylyny açyň, içinde iň soňunda adyňyzy giriziň we ýatda saklaň(save)

- [Adyňyz](https://github.com/ulanyjy-adyňyz)

Mysal üçin:

- [Ahmet Ahmedow](https://github.com/ahmetahmedow)

]( arasynda boşluk ýokdur

git status

Terminalda eger proýektiň duran ýerine gidip,git status buýrugyny işletseňiz, şol ýerde bolan üýtgeşmeleri görýaňiz.

git add buýrugyny ulanyp şol üýtgeşmeleri ýokarda döreden şahamyza(branch) goşýas:

git add Contributors.md

Indi, git commit buýrugy arkaly şol üýtgeşmeleri bellige alyp(commit) goýýas:

git commit -m "<Adyňyz> goşant goşanlaryň hataryna girizildi"

<Adyňyz> diýen ýere öz adyňyzy ýazyň

(BELLIK: açyk çeşme(open source) dünýäsinde dünýäniň her dürli ýerlerinden her dürli adamlar bilen bilelikde işleşýaniňiz üçin bellige alyş(commit) tekstini iňlis dilinde ýazyp bilýaňiz).

Üýtgeşmeleri Githuba ibermek(Push)

git push buýrugy arkaly üýtgeşmeleriňizi iberiň(push):

git push -u origin siziň-şahaňyzyň-ady

siziň-şahaňyzyň-ady bölegini ýokarda doreden şahaňyzyň ady bilen çalşyň.

Üýtgeşmeleriňizi gözden geçirmek üçin ýollaň

Eger Githubda şu repositoryňyza gitseňiz, Compare & pull request düwmesini görýäňiz. Şol düwmä basyň.

create a pull request

Indi, Çekiş haýyşnamasyny(pull request) ýollaň.

submit pull request

Basym, Eden ähli üýtgeşmeleriňizi gözden geçirip, proýektiň esasy şahasy(main branch) bilen birleşdirýäs. Üýtgeşmeler birleşdirilen soň, habarnama alarsyňyz.

Mundan soň näme edip bilersiňiz?

Gutlaýas! Siz standart goşant goşujy hökmünde kän gabat gelinýän forklamak(fork) -> Klonlamak(clone) -> Üýtgetmek(edit) -> Çekiş haýyşnamasy(pull request) yzygiderliligini tamamladyňyz!

Eden goşandyňyza begeniň we dostlaryňyz bilen paýlaşyň!

Bu baglanma arkaly hem birnäçe gyzykly proýektlere öz goşandyňyzy goşup bilýäňiz.

Eger-de islendik kömek gerek bolsa ýa-da soraglaryňyz bar bolsa biziň Slack toparymyza goşulyp bilýaňiz.

Başga gurallar hakynda sapaklar (ýöne iňlis dilinde)

GitHub Desktop Visual Studio 2017 GitKraken VS Code Sourcetree App IntelliJ IDEA
GitHub Desktop Visual Studio 2017 GitKraken Visual Studio Code Atlassian Sourcetree IntelliJ IDEA

Bu proýektiň goldaýjysy: